Descargar Imprimir esta página

Philips sonicare ExpertClean 7000 Serie Manual De Instrucciones página 632

Ocultar thumbs Ver también para sonicare ExpertClean 7000 Serie:

Publicidad

Idiomas disponibles
  • MX

Idiomas disponibles

  • MEXICANO, página 153
632
Türkmençe
BrushPacer
SmarTimer
EasyStart
Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
Bellik: Önümiňizde Basyş sensory işjeňleşdirilen görnüşde
gelýär. Bu aýratynlygy deaktiwirlemek üçin (ser.
"Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek").
BrushPacer agyz boşlugyňyzy 6 bölege bölmek arkaly
tutuş agyzda gyradeň çotgalamaga kömek edýän aralyk
taýmeri bolup durýar.
SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny
awtomatik öçürmek arkaly, çotgalama döwräňiziň
tamam bolandygyny görkezýär.
Diş lukmanlary günde iki gezek azyndan 2 minutlap
çotgalamagy maslahat berýär.
Bellik: Eger çotgalama döwresini başladanyňyzdan soň,
aç/öçür düwmesini bassaňyz, diş çotgasy säginýär. 30
sekuntlyk säginmeden soň, SmarTimer nol edilýär.
Bu Philips Sonicare modelinde EasyStart aýratynlygy
deaktiwirlenen görnüşde gelýär. EasyStart aýratynlygy
Philips Sonicare bilen çotgalamaga öwrenişmegiňize
kömek etmek üçin, ilkinji 14 çotgalamanyň dowamynda
onuň güýjüni çalajadan köpeldýär. EasyStart aýratynlygy
ähli tertiplerde işleýär.
Jogapkärçilikden ýüz öwürmek
Philips Sonicare diş çotgasy kliniki barlaglarda ulanylanda,
ol tutawaja doly zarýad berlen we EasyStart aýratynlygy
deaktiwirlenen görnüşde ýokary ýygjamlykda
ulanylmalydyr.
EasyStart işjeňleşdirmek üçin (ser. "Aýratynlyklary
işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek").
Philips Sonicare-iňiz nasadkanyň könelmegini yzarlaýan
BrushSync tehnologiýasy bilen üpjün edilendir.
Bellik: Bu aýratynlyk diňe BrushSync tehnologiýasy bar
bolan Philips Sonicare akylly nasadkalarynda işleýär.

Publicidad

loading

Este manual también es adecuado para:

Sonicare expertclean 7300Sonicare expertclean 7500